Soňky habarlar

Archive news

Awazada geçirilen birža söwdalarynda 335 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

09:2612.08.2019
0
1228
Awazada geçirilen birža söwdalarynda 335 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde göçme söwdasyny gurady. Onda ýurdumyzda öndürilýän nebit we nebit önümleriniň, dokma önümleriniň, ýeňil senagatyň we beýleki pudaklaryň ýokary hilli önümleri satuwa çykaryldy. Göçme birža söwdasyna birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga gelen kompaniýalar gatnaşdylar. Umumy bahasy ABŞ-nyň 335 million 476 müň dollaryna deň bolan geleşikleriň jemi 72-si bellige alyndy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 43 million manatlyk polipropilen satyn aldylar.

Birža söwdasy Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky "Ýüpek ýoly" myhmanhanasynda geçirildi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň