Türkmenbaşy şäherinde dünýäde iň uly ekosapak geçirildi

19:0408.08.2019
0
1976

Birinji Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde audatoriýa şertlerindäki dünýäde iň uly ekologiýa sapagy geçirildi. "Ekologiýa we durnukly ösüş" diýlip atlandyrylan sapaga 3 müňden gowrak adam gatnaşdy. Munuň özi henize çenli audatoriýa şertlerinde geçirilen ekologiýa sapaklarynyň rekord derejesidir. Sapakda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasynyň professory Amanguly Magtymow bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň uly ylmy işgäri, professor Amangylyç Babaýew çykyş etdi.

Ekosapaga gatnaşyjylaryň anyk sanyny kesgitlemek üçin girelgede oňa gatnaşyjylaryň ählisine ýörite gol bagy berildi. Sapaga gatnaşyjylar öz orunlarynda oturansoň, Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili Şeýda Subaşy ozalky rekordy täzelemegiň talaplaryny düşündirdi. Ýarym sagat çemesi geçirilen sapak tamamlanansoň, oňa gatnaşylara ýörite barlagnama paýlanyp berlip, sapaga gatnaşyjylaryň öwrenenleri berkidildi.

Sapagyň netijeleri ýakyn günlerde belli ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň