Soňky habarlar

Arhiw

Boks boýunça aziýa çempionatynda dört türkmen türgeni ýarym finala çykdy

13:0607.08.2019
0
9402

Kuweýtde ýetginjekleriň arasynda boks boýunça Aziýanyň çempionaty dowam edýän. Häzire çenli örän üstünlikli çykyş edýän türkmenistanly boksçularyň dördüsi ýarym finala çykmaga hukuk gazandylar. Şu gün ýarym final duşuşyklary geçiriler. Biziň ildeşlerimiziň finala barýan ýoldaky garşydaşlary belli boldy.

Başga ýaryşlarda 32 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden hem bolsa, bu gezekki ýaryşyň düzgünnamasyna görä, 35 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşmaly bolan, muňa garamazdan çärýek finaldaky garşydaşyndan üstün çykan Daniýar Rozmetow ýarym finalda özbegistanly Humoýunmirzo Abdurasulow bilen duşuşar. 40 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Alyşer Orazbaýew owganystanly Ýunus Amiri Mohammad bilen duşuşsa, 43 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etjek ildeşimiz Döwlet Nurmyradowyň garşydaşy bolsa owganystanly türgen Şirzai Masiullah bolar. 70 kilogramdan ýokary agram derejsinde bolsa Bogdan Konstantinow gazagystanly Ýerdos Şaripbek bilen tutluşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň