Birinji Hazar ykdysady forumyna Belarusyň wekiliýeti gatnaşar

12:4807.08.2019
0
6016

Birinji Hazar ykdysady forumyna diňe bir Hazarýaka döwletlerinde däl, eýsem, Aziýanyň we Ýewropanyň beýleki döwletinde hem uly gyzyklanma bildirilýär. Çünki bu forumyň ähmiýeti Hazaryň kenarlary bilen çäklenmeýär.

Belarus Respublikasynyň wekilçilikli toparynyň 11-12-nji awgustda birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagyna garaşylýar diýip, ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýty habar berýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, wekilçilikli toparyň düzüminde senagat ministriniň orunbasary Aleksandr Ogorodnikow, Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary Sergeý Çižik, Belarusyň söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Sergeý Nabeşko we beýleki ýolbaşçy wezipedäki adamlar bar.  

Ýurduň "MAZ", "MTZ" ýaly iri açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň ýük ulaglarydyr traktorlary forumyň çäklerinde geçiriljek awtomobil sergisinde görkeziler. Şeýle hem "BELAWTOMAZ" holdinginiň kompaniýanyň dolandyryjysy Waleriý Iwankowyň hem-de "MTZ" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş ýolbaşçysy Witaliý Wowkyň türkmenistanly hyzmatdaşlary bilen işewür geleşikleriň birnäçesini baglaşmagyna garaşylýar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhowyň hem gatnaşmagynda ýurduň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary hem-de dürli minisrtlikleriň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine gönükdirilen gepleşikleri geçirmegi hem meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň