Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi

19:2128.04.2024
0
7959
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Surat: moci.gov.af

Kabulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň, Owganystanyň söwda-senagat ministri Nuriddin Aziziniň we Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Jumangariniň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onda bilelikdäki ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Owganystanyň Söwda-senaga ministrligi habar berýär.

Ylalaşyk esasynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek maksady bilen, amatly nyrh şertleri dörediler. Netijede, ýük otlularynyň Hytaýdan Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana hem-de ondan aňyrlygyna Pakistana, Hindistana we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna amatly şetlerde gatnamagyna mümkinçilik berer. Şeýlelikde, deslapky hasaplamalara görä, Sian we Urumçi şäherlerinden (HHR) Owganystana (Turgunda we Andhoýa çenli) has ýakyn ugur arkaly harytlary eltmegiň wagty 10-12 güne çenli azalar.

Täze ulag geçelgesiniň ulanylmagy Owganystana ýurduň günbataryna hytaý harytlarynyň üznüksiz iberilmegini üpjün etmäge we beýleki ulag görnüşleri bilen deňeşdirilende harytlary getirmegiň bahasyny ep-esli azaltmaga şert döreder. Şunuň bilen baglylykda, Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy Russiýadan, Belarusdan Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana, Hindistana we Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna haryt daşamak üçin esasy ugra öwrülýär. Ýakyn geljegi göz öňünde tutup, üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen, gazak we owgan taraplary bäsdeşlige esaslanýan nyrh şertlerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Üçtaraplaýyn duşuşykda gazanylan ylalaşygy durmuşa geçirmek üçin iş toparyny döretmek barada hem ylalaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň