Geýip bolýan serginlediji

14:5404.08.2019
0
963

Esasan kamera we fotoapparat öndürmegi bilen tanalýan “Sony” kompaniýasy jübä sygýan serginlediji işläp düzdi. “Reon Pocket” atly enjam eşigiň içini daşky temperaturadan 13 derejä çenli sowadýar. Täze enjamyň indiki ýylyň mart aýynda satuwa çykmagyna garaşylýar. Sowukda hem ulanmaga niýetlenen enjam, howany 8 dereje ýyladýar. Ony ýörite taýýarlanan köýnekçe bilen bilelikde ulanyp bolýar. Iki sagatda zarýad alýan enjamyň batareýasy 24 sagat işleýär. Ony el telefonyňdaky programma arkaly hem dolandyryp bolýar. 129 dollardan satyljak kindiwanja serginledijiniň “Reon Pocket Light” atly has kiçi görnüşi hem bolar. Diňe eliň bilen dolandyryp bolýan bu enjamyň bahasy 117 dollar bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň