Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjekler futbol ýygyndysy CAFA - 2019-daky ilkinji ýeňşini gazandy

23:0030.07.2019
0
8983

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U16) Merkezi-Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda birinji ýeňşini gazanmagy başardy diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Dördünji tapgyryň çäginde Gyrgyzystanly deň-duşlary bilen duşuşan Batyr Şyhyýewiň tälim berýänleri 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Ýygyndy topaymyza ýeňiş getiren topy 55-nji minutda Muhammedaly Kişikow öz adyna ýazdyrdy.

Bu tapgyryň beýleki duşuşyklarynda Özbegistanyň ýygyndysy owganystanly deň-duşlaryny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Täjigistanyň ýygyndysy hem şol bir hasap bilen Eýranyň ýygyndysyny ýeňlişe sezewar etdi.

Geçirilen dört tapgyrdan soň 10 utuk toplan Täjigistanyň ýygyndysy ýarytş tertibiniň birinji basgançagyny eýeleýär.

7 utukdan toplan Özbegistanyň hem-de Owganystanyň ýygyndylary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler. 6 utugy bolan Eýranyň ýygyndysy dördünji, Türkmenistanyň ýygyndysy bolsa toplan 3 utugy bilen bäşinji orunlary eýeleýärler. 1 utugy bolan Gyrgyzystanyň ýetginjelker ýygyndysy soňky orunda ornaşdy.

Bäşinji tapgyryň duşuşyklary 1-nji awgustda geçirilip, Gyrgyzystan – Eýran, Özbegistan – TÜRKMENISTAN hem-de Täjigistan - Owganystan bilen duşuşar. 

CAFA-nyň çempionatynyň Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Owganystanyň ýetginjekler ýygyndylarynyň (U16) gatnaşmagynda geçirilýändigini ýatladýarys.

 

Ýetginjekler ýygyndylaryň (U16) gatnaşmagyndaky CAFA-nyň çempionatynyň geçiş tertibi:

4-nji tapgyryň netijeleri:

TÜRKMENISTAN – Gyrgyz Respublikasy 1:0

Eýran – Täjigistan – 0:3

Owganystan – Özbegistan – 0:3

 

5-nji tapgyr

1-nji awgust (penşenbe)

18:00 – Gyrgyz Respublikasy – Eýran. Gissar, Merkezi stadion

18:00 – Özbegistan – TÜRKMENISTAN. Duşenbe, Merkezi stadion

20:30 – Täjigistan – Owganystan. Duşenbe, Merkezi stadion

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň