Türkmenistanyň wekiliýeti Akina - Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşar

22:2724.07.2019
0
9499

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina demir ýol stansiýasynda gurlan 10 kilometr demir ýol şahasynyň açylyş dabarasyna hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Owganystan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolarlar diýip, TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň