Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U16) CAFA-nyň çempionatyna gatnaşýar

10:0624.07.2019
0
6244

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U16) Merkezi-Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyna gatnaşmak üçin Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherine ugur aldy diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

CAFA-nyň çempionatynyň Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Owganystanyň ýetginjekler ýygyndylarynyň (U16) gatnaşmagynda geçirilýändigini ýatladýarys. Duşenbe hem-de Gissar şäherleriniň merkezi stadionlarynda geçiriljek çempionata 26-njy iýulda badalga berlip, 1-nji awgustda tamamlanar. Ýeňiji bir aýlawda geçiriljek bäsleşikde kesgitlener. Çempionatyň on duşuşygy Duşenbäniň merkezi stadiony kabul etse, bäş duşuşyk Gissar şäheriniň merkezi stadionynda oýnalar.

CAFA-nyň çempionatynda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Batyr Şyhyýewiň tälimçiliginde çykyş eder. Bu bäsleşik biziň ýetginjekler ýygyndymyza 16-22-nji sentýabr aralygynda Daşkentde geçiriljek Aziýanyň çempionatynyň saýlama tapgyryna özboluşly taýýarlyk bolar. Aziýa çempionaty-2020-niň saýlama tapgyrynyň “B” toparçasynda çykyş edýän ýetginjekler ýygyndymyzyň garşydaşlary Özbegistanyň, Hindistanyň hem-de Bahreýniň ýygyndylary bolar.

Ýetginjekler ýygyndylaryň (U16) gatnaşmagyndaky CAFA-nyň çempionatynyň geçiş tertibi:

1-nji tapgyr

26-njy iýul (anna)

18:00 – TÜRKMENISTAN – Eýran. Gissar, Merkezi stadion

18:00 – Owganystan – Gyrgyz Respublikasy. Duşenbe, Merkezi stadion

20:30 – Özbegistan – Täjigistan. Duşenbe, Merkezi stadion

 

2-nji tapgyr

27-nji iýul (şenbe)

18:00 – Täjigistan – Gyrgyz Respublikasy. Duşenbe, Merkezi stadion

18:00 – Owganystan – TÜRKMENISTAN. Gissar, Merkezi stadion

20:30 – Özbegistan – Eýran. Duşenbe, Merkezi stadion

 

3-nji tapgyr

29-njy iýul (duşenbe)

18:00 – Gyrgyz Respublikasy – Özbegistan. Gissar, Merkezi stadion

18:00 – Täjigistan – TÜRKMENISTAN. Duşenbe, Merkezi stadion

20:30 – Eýran – Owganystan. Duşenbe, Merkezi stadion

 

4-nji tapgyr

30-njy iýul (sişenbe)

18:00 – Eýran – Täjigistan. Duşenbe, Merkezi stadion

18:00 – Owganystan – Özbegistan. Gissar, Merkezi stadion

20:30 – TÜRKMENISTAN – Gyrgyz Respublikasy. Duşenbe, Merkezi stadion

 

5-nji tapgyr

1-nji awgust (penşenbe)

18:00 – Gyrgyz Respublikasy – Eýran. Gissar, Merkezi stadion

18:00 – Özbegistan – TÜRKMENISTAN. Duşenbe, Merkezi stadion

20:30 – Täjigistan – Owganystan. Duşenbe, Merkezi stadion

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň