Soňky habarlar

Arhiw

"Dury çeşme" suwlary Özbegistana we Owganystana eksport ediler

12:3723.07.2019
0
3351

Gökdepe etrabynda “Dury çeşme” haryt nyşany bilen agyz suw önümçiligini alyp barýan suw kärhanasy täze önümleriniň üçüsini ýerli bazara ýaýradyp başlady. Gök çaý, şetdaly tagamly gara çaý, şeýle hem tokaý miweleri tagamly “Şanly” gazlandyrylan içgisi “Dury çeşmäniň” täze önümleriniň hatarynda diýip, "Biznes Türkmenistan" saýty habar berýär.

Saýtyň ýazyşy ýaly, kärhananyň esasy maksatlarynyň biri ýokary hilli önüm öndürmek. “Bazarda tanalmak we talap edilýän önüm derejesini gazanmak üçin esasy zat önümiň hili bolup durýar. Üç görnüş çykarmakdaky esasy maksadymyz önümlerimiziň hiline has köp üns bermek boldy” diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Gurbanmuhammet Nuryýew gürrüň berýär.

Telekeçilik işine 2011-nji ýylda başlan “Dury çeşme” haryt nyşanynyň ilkinji önümleri 1.5 litrlik gaplara gaplanan gazlandyrylan içgiler boldy. Arassa suw çykarmaga bolan ygtyýarnamasyny 2017-nji ýylda alan kärhana 19 litrlik agyz suwlaryny Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde isleg bildiren müşderilerine paýlaýar.

Agyz suwuny Owganystana we Özbegistana eksport etmek boýunça gepleşikler geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň