Moskwanyň "Dinamosy" Gurban Berdiýewe teklip hödürlemekçi

22:1622.07.2019
0
7160

Moskwanyň "Dinamo" klubynyň baş tälimçisi Dmitriý Hohlowyň wezipeden gitdi diýip, Sports.ru habar berýär. Baş tälimçi bu karara Russiýanyň Premýer ligasynda "Ural" bilen geçirilen duşuşykdan soň geldi.

Türkmenistanly hünärmen, tejribeli tälimçi Gurban Berdiýew ýakynda ähli tekliplere ýapykdygyny aýdan hem bolsa, rus metbugaty Moskwanyň klubynyň tälimçä teklip bilen çykmakçydygyny habar berýär. Ýeri gelende aýtsak, "Dinamonyň" ikinji tälimçisi hökmünde  Aşgabatda doglan hünärmen, G.Berdiýewiň ýakyn dosty Witaliý Kafanow  çagyrylar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, ol Gurban berdiýew bilen "Rubinde" işleýän wagty "Rostowa" gaýdypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň