Soňky habarlar

Arhiw

Rondon hem Hytaýda

12:3422.07.2019
0
1332

Transfer möwsüminiň dowam edýän şu günlerinde hytaý klublary bilen şertnama baglaşýan futbolçylar baradaky habarlar hepdede azyndan 2-3 gezek çykýar. Ine, golaýda, olaryň hataryna ýene biri goşuldy. Wenesuelaly hüjümçi, bir döwürler, “Rubin”, “Zenit” ýaly klublarda oýnan Hoze Salomon Rondon “West Bromwiç Albion” toparyndan Hytaýyň “Dalian Ifan” toparyna transfer boldy. Ispaniýaly Rafael Benitesiň tälimçiligindäki hytaý topary 29 ýaşyndaky hüjümçi üçin iňlis klubuna 18 million ýewro tölär. Salomon Rondon sloweniýaly Marek Hamşik, belgiýaly Ýannik Karrasko ýaly Ýewropaly oýunçylaryň çykyş edýän toparynda eýýäm 1 gol hem geçirdi. Ol “Dalian Ifanyňgyň” myhmançylykda “Tianžin Teda” bilen geçiren oýnunda tapawutlanyp, toparyny ýeňlişden halas etdi (3-3). Geçen möwsümde Benitesiň tälimçiligindäki “Nýukaslda” kärendesine oýnan Rondon “Premier ligada” 32 oýunda 11 gol geçiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň