Soňky habarlar

Arhiw

Saglygy goraýyş ulgamynyň tapawutlanan işgärlerine «Türkmenistanyň halk lukmany» ady dakyldy

23:5921.07.2019
0
7659

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, döwlet we jemgyýetçilik işinde uly zähmet üstünliklerini gazanandyklary, keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş hem-de olary bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrandyklary, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti karar kabul etdi.

Resminama laýyklykda, şu saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň şu işgärlerine «Türkmenistanyň halk lukmany» diýen hormatly ady dakyldy:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Halkara «Ene mähri» merkezi boýunça orunbasary Anna-Täç Ataýewna Ulugberdiýewa;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň II anesteziologiýa we intensiw bejeriş bölüminiň müdiri Musa Azizowiç Izmaýlowa;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň Kliniki barlaghana bölüminiň müdiri Nina Myradowna Karamyşowa;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň lukmany Ogulnur Öwezowna Derýagulyýewa;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň lukmany Agaberdi Myradowa;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň hirurgiýa toplumynyň Kliniki barlaghana bölüminiň müdiri Galina Iwanowna Mamedowa;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň Ylmy guramaçylyk usulyýet bölüminiň müdiri Öwezdurdy Hümmedowa;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Stomatologiýa merkeziniň Ortopediýa bölüminiň lukmany Margarita Joraýewna Rahmanowa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň