Soňky habarlar

Arhiw

DÇ - 2022: Türkmenistanyň ýygyndysynyň saýlama tapgyrdaky garşydaşlary belli boldy

14:3617.07.2019
0
7948
DÇ - 2022: Türkmenistanyň ýygyndysynyň saýlama tapgyrdaky garşydaşlary belli boldy

Koreýa Respublikasynyň, Liwanyň, KHDR-nyň we Şri-Lankanyň milli ýygyndylary türkmen futbolçylarynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary boldular. Ýakynda Aziýanyň Futbol federasiýasynyň Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen bije çekilişikde Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýokarda ady görkezilen ýygyndylar bilen birlikde «H» toparçada ýaryşjakdygy belli boldy. Bije çekilişige Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişe hem gatnaşdy.

Ýeri gelende aýtsak, Aziýa yklymy boýunça geçirilen bije çekilişige 40 milli ýygyndy gatnaşdy. Olar dünýä sanwyndaky ornuna görä, bäş torba bölündiler. Türkmenistanyň ýygyndysy Mýanmanyň, Gonkongyň, ýemeniň, Owganystanyň, Maldiw adalarynyň, Kuweýtiň we Malaýziýanyň ýygyndylary bilen birlikde bije çekilişige dördünji torbadan gatnaşdy. Şeýlelikde, saýlama tapgyrda 8 sany toparça emele geldi. Her toparçany 5 milli ýygyndy düzýär.

Has takygy, saýlama tapgyryň toparçalary şu görnüşde düzüldi:

A toparça: Guam, Maldiw adalary, Filippinler, Siriýa, Hytaý.

B toparça: Nepal, Kuweýt, Taýwan, Iordaniýa, Awstraliýa.

C toparça: Kamboja, Gonkong, Bahreýn, Yrak, Eýran.

D toparça: Singapur, Ýemen, Palestina, Özbegistan, Saud Arabystany.

E toparça: Bangladeş, Owganystan, Hindistan, Oman, Katar.

F toparça: Mongoliýa, Mýanma, Täjigistan, Gyrgyzystan, Ýaponiýa.

G toparça: Indoneziýa, Malaýziýa, Tailand, Wýetnam, BAE.

H toparça: Şri-Lanka, Türkmenistan, KHDR, Liwan, Koreýa Respublikasy.

Ýeri gelende aýtsak, Dünýä çempionatynyň saýalama tapgyry şol bir wagtyň özünde 2023-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek Aziýa kubogynyň hem birinji saýlama tapgyryna öwrüler. Duşuşyklar şu ýylyň 5-nji sentýabryndan indiki ýylyň 9-njy iýuny aralygynda öýde ― myhmançylykda görnüşinde geçiriler.

Ähli toparçalaryň ýeňijieri we iň gowy netije görkezen dört sany ikinji Dünýä çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Mundan başga-da, olar Aziýa kubogy ― 2023-e gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji 12 ýygyndy bolarlar. Beýleki ýygyndylar bolsa Aziýa kubogyndaky galan 12 orun üçin göreşi dowam etdirerler.

Dünýä çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 12 ýygyndy ýaryşy iki toparçada dowam etdirer. Her toparçadan öňdäki iki orny eýelän ýygyndy Dünýä çempionatyna biziň yklymymyzdan wekilçilik eder. Ýöne ýokarky bije çekilişikde Dünýä çempionatynyň ýer eýeleri bolan Kataryň ady hem görkezilýär. Katar bu bije çekilişige diňe Aziýa kubogy üçin gatnaşýar. Ýer eýesi hökmünde ol Dünýä çempionatyna hiç hili saýlama tapgyrsyz gatnaşar. Şonuň üçin hem Katar öz toparçasynda öňdäki orunlaryň birini eýelän ýagdaýynda, biziň yklymymyzdan 13-nji topara-da Dünýä çempionaty ugrundaky göreşi dowam edtirmäge mümkinçilik dörär.

Horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky türkmen futbolçylary Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 5-nji sentýabrda myhmançylykda Şri-Lankanyň ýygyndysy bilen geçirer.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň