Soňky habarlar

Arhiw

“Nemes dilini öwrenýärin”

17:3816.07.2019
0
1401

2018-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri tälimçilik wezipesinde işlemeýän Žoze Mourinio nemes dilini öwrenýändigini habar berdi. Hemişe futbol dünýäsiniň ünsüni özüne çekmegi başarýan 56 ýaşly tälimçiniň geljekde “Bundesliga” klublarynyň birinde işlemekçi bolýandygyny görkezýär. Bu barada italýanlaryň meşhur gazeti “La Gazzetta dello Sport”-a beýanat beren tejribeli tälimçi: “Adrenalini, meýdançany, kärimi, futboly gaty küýseýärin. Häzirki wagtda nemesçe öwrenip başladym. Iňlisçe, ispança, portugalça, fransuzça hem-de italýança bilýärin. Täze dil öwrenmegi-de küýsän ýaly” diýip, çykyş etdi. Karýerasy kubokdan doly bolan tälimçi “Portu”, “Çelsi”, “Inter”, “Real Madrid”, “Mançester Ýunaýted” klublarynda işledi. Ussat tälimçi bilen edil häzirki wagtda “Benfika”, “Lion” hem-de “Nýukasl” toparlarynyň içgin gyzyklanýandygy bilinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň