Soňky habarlar

Arhiw

Mäne babanyň Kaka etrabyndaky kümmetinden 91-sany kümüş teňňe tapyldy

18:2514.07.2019
0
1672

Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň biri bolan Mäne babanyň kümmetiniň içinde geçirilen arheologiki arassalaýyş işlerinde XIII degişli kümüş teňňeler tapyldy. Üstünden 700 ýyldan gowrak wagt geçen kümüş teňňeler ýörite barlaghana şertlerinde hünärmenler tarapyndan arassalanandan soň olaryň dürli görnüşde ýasalandygy ýüze çykaryldy.

Tapylan teňňeler 91 sany bolup, olaryň 47 sanysyň ýüzünde 1265-1282-nji ýyllarda Ilhanlylar döwletini dolandyran Aba aga hanyň ady, şeýle hem 36 –nyň ýüzünde Arwunyň ady ýazylypdyr. Bu atlar bilen şol döwürlerde sebitiň taryhynda yz galdyran iki sany belli şahsyýetler bolupdyr. Türkmen emiri Argunyň ady ýazylan iki teňňe täsinligi bilen özüne çekiji. Olaryň biriniň arka tarapynda ýolbarsyň, beýlekisinde bolsa öküze meňzeş jandaryň şekilleri bar.

Bu ýerde tapylan ýene-de 8 sany teňňe Ilhanlylar döwletine degişli bolup, olaryň haýsy hökümdaryň döwründe ýasalanlygyny anyklamak işleri alnyp barylýar. Türkmen arheologlarynyň tapan bu taryhy gymmatlygy geljekki nesillere milletimiziň baý taryhyna buýsanmaga goşantdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň