Aşgabadyň topary zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy

19:4727.06.2019
0
4902

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherinde geçirilen futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň Kubogynda “Aşgabat” topary ýeňiji boldy. Final duşuşygynda “Ahal” bilen duşuşan paýtagtymyzyň adybir topary 9:3 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

“Daşoguz” toparyndan uly hasap bilen üstün çykan “Mary” topary hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Ýeňiji bolanlara sylaglary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarow bilen milli ýygyndymyzyň oýunçysy Ruslan Migazow gowşurdy.

Iň köp top geçirenleriň bäsleşiginde netijeli urgularyň 30-syny geçiren Mariýa Çaryýewa (“Aşgabat”) öňdeligi eýeledi. “Aşgabat” toparynyň derwezeçisi Malika Eminowa “Iň ökde derwezeçi” diýlip saýlanyldy. Janköýerleriň iň ökde diýip saýlan oýunçysy hökmünde “Mary” toparynyň oýunçysy Läle Haýypowa yglan edildi. “Mary” toparynyň oýunçysynyň derwezelere 28 gol geçirendigini bellemek gerek.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

Oýun 10 «3-nji ýer üçin» «Mary» –«Daşoguz» 11:1

Oýun 11 «Final» «Aşgabat» – «Ahal» 9:3

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň