Soňky habarlar

Arhiw

Luis Enrike wezipesini taşlady

10:4020.06.2019
0
1239

Ispaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň tälimçisi Luiz Enrike wezipesini taşlady. 49 ýaşyndaky tejribeli tälimçi maşgala ýagdaýy sebäpli işinden gitmäge mejbur boldy. Bary-ýogy 11 aý Ispaniýanyň milli toparyna tälim beren Enrikeniň ornuna wagtlaýynça onuň kömekçisi Robert Moreno toparyň täze tälimçiligine bellendi. Luiz Enrike milli ýygyndynyň Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynda geçiren  oýunlaryna-da maşgala ýagdaýy sebäpli gatnaşyp bilmändi. Ispaniýanyň ýygyndysy EURO 2020-niň saýlama tapgyrynyň çäklerinde “F” toparçada Rumyniýanyň, Şwesiýanyň, Norwegiýanyň, Maltanyň hem-de Farer adalarynyň ýygyndylary bilen çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň