Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy - 2019: "Dordoý" Aşgabada geldi

20:2817.06.2019
0
5592

Şu gün Aşgabadyň Halkara howa menzili Almaty şäherinden gelen uçarda Gyrgyz Respublikasynyň "Dordoý" futbol toparyny garşylady. Bu barada klubyň resmi saýtynda habar berilýär.

Halkara howa menzilinde myhman topary "Altyn asyryň" wekilleri garşyladylar. Şondan soňra topar Aşgabatdaky myhmanhanalaryň birinde ýerleşdi. Şu gün agşam topar "Aşgabat" köpugurly sport toplumynyň türgenleşik meýdançalarynyň birinde türgenleşer.

19-njy iýunda AFK-nyň kubogy - 2019-yň bäşinji tapgyrynyň çäginde "Altyn asyr" - "Dordoý" duşuşygy geçiriler. "Köpetdag" stadionynda boljak duşuşygyň sagat 19-da başlanmagyna garaşylýar. Iki toparyň arasyndaky ilkinji duşuşygyň 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň