Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleri nobatdaky uçurymlaryny ýolladylar

23:4715.06.2019
0
2982
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleri nobatdaky uçurymlaryny ýolladylar

Ir bilen Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdança Harby akademiýanyň, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasynyň geçýän ýerine öwrüldi.

Harby akademiýanyň, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň institutynyň uçurymlary bir bitewi nyzama düzüldiler.

Şol gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky belent baýdak sütüniniň ýanyndaky meýdançada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy boldy.

...Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu dabaraly waka mynasybetli iberen Gutlagy okalýar.

Soňra Türkmenistanyň Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna ýokary hünär bilimi baradaky diplomlary we serkerdelik şahsyýetnamalary gowşurmak dabarasy başlanýar.

Diplom alan her bir uçurym Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip we gadymymilli dessura eýerip, harby kasama wepalylygyň, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize gulluk etmegiň, gahryman pederlerimiziň şöhratly däplerini mynasyp dowam etmäge taýýarlygyň nyşany hökmünde kasam kabul etdiler.

Dabarada Hormat garawulynyň esgerleriniň we teatr artistleriniň türkmen halkynyň taryhynda aýdyň sahypalary ýazan milli gahrymanlarymyzyň keşbini döredýän edebi sazly hem-de görkezme çykyşlary bu ýerde guralan dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Dabara esasy gatnaşyjylaryň harby ýörişi öz ykbalyny Watany goragçysynyň hormatly hünäri bilen baglan her bir esgeriň-talybyň durmuşynda iň bir möhüm günleriň biriniň tamamlanýandygyny alamatlandyrdy.

Ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň diňe bir häzirki zaman harby tehnika bagly bolman, eýsem, milli harby ýörelgeleriň iň gowy däpleriniň mynasyp eýerijileri bolmaga çalyşýan söweş endiklerini we öňdebaryjy tehnologiýalary ussatlarça ele alýan, dürli bilimleri özleşdirýän türkmen goşunynyň iň oňat däplerine mynasyp dowam etdirijileri bolmaga çalyşýan esgerleriň we serkerdeleriň taýýarlyk derejesine baglydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy esasynda işlenip taýýarlanylan we üstünlikli durmuşa geçirilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranmak häsiýetine eýe bolan harby doktrinasy goranyş häsiýetlidigi netijesinde ýaş esgerleri taýýarlamak işi bilim almagyň iň bir häzirki zaman talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar, okuwlaryň üsti kompýuterler we multimediýa enjamlary, internet, elektron ulgamy bilen ýetirilýär, okuw okadylyşy yzygiderli kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar.

Häzirki döwürde harby talyplar öňdebaryjy tejribäni özleşdirýärler, söweşjeň endikleri, öňdebaryjy tehnologiýalary kämil derejede ele alýarlar, dürli ylymlary öwrenýärler, şeýle hem ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine eýermegiň, Watanymyza we mähriban halkymyza bolan çuňňur söýginiň, watansöýüjiligiň ýokary nusgasyny görkezýärler.

Döwletimiziň Watan goragçylary we olaryň maşgala agzalary üçin ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, sport toplumlaryny we saglyk merkezlerini, harby şäherçelerde we serhet galalarynda bar bolan täze binalary we desgalary gurýar. Olar ýokary halkara ülňülerine doly laýyk derejede bina edilýär.

Dabaraly çärelere gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk Yüzlenmesini kabul etdiler. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri hakynda edýän ýadawsyz aladasy üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk beýan edilýär.

Ýaş serkerdeler ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine Türkmenistanyň howpsuzlygynyň, onuň bitewikonstitusion gurluşynyň, Döwlet serhetleriniň bitewiliginiň we eldegirilmesizliginiň üpjün edilmegi, şeýle hem kanunçylygyň, hukuk tertibiniň berkidilmegi ugrunda ähli güýç-gaýratyny, bilim-tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň