Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 135-nji orunda

16:2514.06.2019
0
4629
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 135-nji orunda

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy FIFA-nyň şu gün täzelenen reýtinginde bir basgançak ýokary galdy.

Horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndymyz ýakynda Ugandanyň futbolçylary bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda deňme-deň oýnap (0:0), reýtingde bir basgançak ýokary galyp, 135-nji orunda ýerleşdi. Reýtingiň ilkinji üç ornunda üýtgeşme bolmady. Birinji orny Belgiýa, ikinji orny Fransiýa eýeleýär. Öňdebaryjy üçlügi Braziliýanyň ýygyndysy jemleýär.

Ýakynda türken futbolçylary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçiren Ugandanyň ýygyndysy 79-njy orundan 80-nji orna düşdi.

Eýranyň ýygyndysy ýene-de Aziýa yklymyndan iň ýokarky orny eýeleýär. Goňşularymyz täze sanawyň 20-nji ornunda.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň