Ertir türkmen milli göreşi boýunça Lebap welaýatynyň açyk birinjiligi geçiriler

17:1813.06.2019
0
5339

Lebap welaýatynyň "Türkmen gündogary" gazeti şu günki sanynda ertir - 14-nji iýunda welaýatyň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi bilen bilelikde guramagynda türkmen milli göreşi boýunça Lebap welaýatynyň açyk ýaryşynyň yglan edilýändigi barada bildirişi çap etdi.

Ýaryş Türkmenabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçiriler. Onuň sagat 17-de başlanmagyna garaşylýar. Müdirligiň wekilleriniň aýtmagyna görä, oňa ýurduň beýleki sebitlerinden hem pälwanlar gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň