Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Balkan we Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna badalga berler

07:2912.06.2019
0
741

Türkmemnistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, şu gün - 12-nji iýunda ýurdumyzyň Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary hem orak möwsümine girişerler. Ýurdumyzyň ähli etraplarynda gallaçylara netijeli goldawy bermek üçin häkimliklerde degişli edaralaryň we kärhanalaryň wekillerinden ybarat bolan ýörite toparlar döredilip, olar orak möwsüminiň guramaçylyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklaýarlar.

Mälim bolşy ýaly, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümine 5-nji iýunda badalga berlipdi. Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 760 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Şol sanda Daşoguz welaýatynda 300 müň tonna we Balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaý ýygnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň