Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş alymlaryň arasynda taslama sergi-bäsleşigi geçirildi

11:2910.06.2019
0
3262

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi ge­ňeşiniň, Ylymlar akademiýasynyň, şeýle-de TYA-nyň we TMÝG-niň Merkezi ge­ňeşiniň ýanynda hereket edýän Ýaş alymlar merkeziniň bilelikde guramagynda ylmy taslamalaryň sergi-bäsleşigi geçirildi. Ylymlar güni mynasybetli «Ylymly ýaşlar — berkararlygyň binýady» ady bilen geçirilen bu sergi-bäsleşigiň esasy maksady ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmekden, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmakdan, ýaşlary ylma we hünär döredijiligine, ylmy barlag we önümçilik işlerine çekmekden, ýaş alymlaryň iň gowy ylmy we inžener taslamalaryny, talyplaryň we mugallymlaryň okuw we ylmy barlag işlerine degişli hyzmatdaşlyk taslamalaryny giň­den ýaýratmakdan ybarat bolup, bu bäsleşige ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinden, ylym we bilim edaralaryndan ýaşlaryň 117-si gatnaşdy - diýip, "Türkemnistan" gazeti habar berýär.

Biri-birinden derwaýys ugurlara bagyşlanan taslamalaryň netijesinde ýe­ňijileri saýlamak eminlere hem ýe­ňil düşmedi. Şeýlelikde, bäsleşigiň jemleri boýunça baş baýraga Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň kompýuter tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Mekan Akmämmedow, 1-nji orna Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgäri Keýmir Arazmedow, 2-nji orna Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Atamyrat Berdiýew, şeýle-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ýazmyrat Gulmämmedow, baýrakly 3-nji orna bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Güýzmämmet Atakaýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Kadyr Amanow, şeýle-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby Allamyrat Işangulyýew dagy mynasyp görüldi. Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi ge­ňeşiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň adyndan diplomlar we sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň