Soňky habarlar

Arhiw

Elektrokar alanlara berilýän goldaw dowam eder

00:4408.06.2019
0
1288

Alternatiw energiýa çeşmeleri bilen hereket edýän ulaglary ýaýbaňlandyrmak maksady bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda höweslendiriji ýeňillikler döredilýär. Käbir ýurtlarda tölegsiz awtoduralga ýa-da elektrokarlara niýetlenen aýratyn ýol niýetlenen bolsa, Germaniýada elektroulag satyn alan müşderilere pul kömegi berilýär. Ýurduň hökümeti mundan ozal şu aýda möhleti tamamlanjakdygy bellenen bu goldawy indiki ýylyň ahyryna çenli uzatmak kararyna geldi. Ýurduň Ykdysadyýet we energiýa ministrliginiň metbugata beren beýanatynda elektrokar satyn alanlara berilýän 4 müň ýewrolyk, gibrid hereketlendirijili ulag alanlara berilýän 3 müň ýewrolyk goldawyň 18 aý uzaldylandygy mälim edildi. Ilkinji gezek 2016-njy ýylda berlip başlanan pul kömeginiň ýarysyny ýurduň hökümeti, galan ýarysyny awtoulag şereketleri üpjün edýär. Munuň üçin jemi 1,2 milliard ýewrolyk gazna döredilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň