Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ilkinji ýörite howa gatnawynyň ýola goýuljak senesi belli boldy

11:4107.06.2019
0
40676

"Aşgabat syýahat" syýahatçylyk kärhanasy "Türkmenhowaýollary" agentligi bilen bilelikde şu ýylyň 27 - 29-njy iýuny aralygynda Aşgabat - Tokio arasynda ýörite howa gatnawyny gurnamagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bir gezeklik ýörite ugur Tokio - Aşgabat - Tokio aralygynda amala aşyrylar. Petekleriň bahasy gidiş-geliş ABŞ-nyň 200 dollaryna deň. Goşmaça maglumatlar üçin Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasyna ýa-da "Aşgabat syýahat" syýahatçylyk kärhanasyna ýüz tutmaly.

Mälim bolşy ýaly, ýaponiýaly syýahatçylar üçin Türkmenistana 10 günden az bolan gezelençlerde wiza ýeňillikleri ýola goýlupdy. Bu mümkinçilikler Günüň dogýan ýurdundaky syýahatçylaryň Türkmenistana gelip görmek höwesini has-da artdyrdy. Gysga wagtlyk howa gatnawy olara bu syýahat babatynda oňat mümkinçilik bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň