Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty Hytaýyň Şandun welaýatynda medeni syýahatçylyk boýunça ýokary derejeli maslahatda çykyş etdi

10:3929.04.2024
1
20482

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew ýurduň Şandun welaýatynda medeni syýahatçylyk ulgamy boýunça ýokary derejede geçirilen maslahatda çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahat Hytaýda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň agzalarynyň gatnaşmagynda «Özüňiz üçin Hytaýyň ajaýyp keşbini açyň» syýahatçylyk çäresiniň çäklerinde geçirildi.

Öz çykyşynda türkmen diplomaty Türkmenistan bilen Hytaýyň medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Ilçi Şandun welaýaty bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn ünsi çekip, Türkmenistanyň we Hytaýyň Gündogar welaýatynyň köp ýyllaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça haryt söwdasyny amala aşyrandyklaryny hem-de bilim we tejribe alşandyklaryny belledi.

2023-nji ýylda “Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň medeniýetiniň we sungatynyň ýylynyň” çäklerinde geçirilen çärelerde Şandun welaýaty hem tanyşdyryldy. Öz gezeginde, Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly giňden belleniler.

Şandun gaadymy Hytaýyň beýik akyldary we filosofy Konfusiniň Watanydyr. Onuň döredijilik mirasy hytaý medeniýetiniň ösmegine öz täsirini ýetirdi.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň häzirki syýasy filosofiýasyna Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy çuňňur täsirini ýetirdi. Şu ýyl şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär. Magtymguly hem Konfusiý ýaly, öz şygyrlarynda parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga we dostluga çagyrypdy.

--- "Özüňiz üçin Hytaýyň ajaýyp keşbini açyň" syýahatçylyk çäresine gatnaşýan diplomatlaryň ilkinji topary hökmünde biz Şandun welaýatynda gazanan tejribämizi we özümizde galan täsirleri öz halklarymyzyň wekilleri bilen paýlaşarys --- diýip ilçi belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň