Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen fehtowaniýeçileri Ýaponiýada geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşar

15:4506.06.2019
0
4281

Şu ýylyň 12 - 18-nji iýuny aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde fehtowaniýe (gylyçlaşmak) boýunça Aziýanyň çempionaty geçiriler. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem gatnaşar.

Yklym ýaryşynda gazanyljak ýeňiş türgenleriň indiki ýyl ýene-de Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini artdyrar diýip, Türkmenistanyň Fehtowaniýe federasiýasynyň wekilleri habar berýärler.

Yklym ýaryşyna Türkmenistandan hem erkek, hem zenan fehtowaniýeçiler gatnaşar. Has takygy, erkekler ýygyndymyza Wýaçeslaw Woronin, Ahmet Agaýew, Mekan Durdyýew, Jumanazar Döwletow dagylar wekilçilik edýär. Angelina Bilenko zenanlaryň arasyndaky ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eder. Türgenlerimiz tejribeli tälimçiler Witaliý Kagramanow bilen Meret Meredowyň ýolbaşçylygynda çykyş ederler.

Türkmenistanyň fehtowaniýe boýunça milli ýygyndysy häzir yklym ýaryşyna taýýarlygyň çäginde Türkiýäniň Stambul şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň