Soňky habarlar

Arhiw

Awazada Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

15:3705.06.2019
0
879

“Awaza”milli syýahatçylyk zolagyndaky “Hasyl” sagaldyş we dynç alyş merkezinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Türkmenistan ― rowaçlygyň Watany, ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministirligi tarapyndan geçirilen bu maslahata daşary ýurtlardan köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagy Türkmenistanyň iri halkara guramalar we ekologiýa ulgamynda dünýäniň ylmy-barlag merkezleri hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Utgaşdyryjy edarasynyň, Ýewropada Howpsuzluk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG), Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Ýerine ýetiriji komitetiniň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň, Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak boýunça Patyşalyk jemgyýetiniň, Norwegiýanyň Tebigat ulgamynda ylmy barlaglar institutynyň wekileri bar. Şu halkara foruma ýurdumyzyň tebigaty goramak edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, pudaklaýyn ministirlikleriniň wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň ekolog alymlary we ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekileri milli parlamentiň deputatlary gatnaşdylar.

Bu maslahatynyň çäklerinde dürli sergiler, duşuşyklar, tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlikler, konsertler geçirildi. Suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak hem-de gaýtadan dikeltmek, çölleşmäge, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, tebigy we tehnogen betbagytçylyklary öňünden duýdurmak we netijelerini peseltmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredildi we şondan bäri Ýer şarynyň köp ýurtlarynda giňden bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň