Arhiw

Türkmenistanyň Ilçihanasy Berlinde welosiped ýörişini gurnady

18:0603.06.2019
0
5684

3-nji iýunda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Ilçihanasy GFR-iň DIM-niň ýanyndaky Willkommen in Berlin diplomatik klubynyň goldamagynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çäreleri gurnady.

Günüň birinji ýarymynda gurnalan welosiped ýörüşine GFR-iň DIM-niň ýanyndaky Willkommen in Berlin diplomatik klubynyň wekilleri, Germaniýada ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, kowçum ýaşaýan türkmenleriň agzalary, ýurdumyzdan bu ýerde bilim alýan talyplar, şeýle hem diplomatik wekilhananyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary gatnaşdylar. Ýöriş owadan seýilgäh zolagynyň, şeýle hem Berliniň gözel ýerleriniň gapdalyndan geçdi.

Çäre tamamlanandan soň Ilçihananyň binasynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň türkmen Lideriniň başlangyjy bilen kabul eden Rezolýusiýasyna laýyklykda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabara boldy. Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek we degişli düzümleri döretmek, türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport, şol sanda welosiped sporty babatda ýeten derejesi barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň