Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

18:0631.05.2019
0
8504

31-nji maýda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripow Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi.

Ikitaraplabýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda mundan beýläk hem özarahereketleriniň giňeldilmegi boýunça pikirler alyşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň