Dünýä sporty: iýun aýynda geçiriljek duşuşyklar üçin Türkiýäniň milli ýygyndysynyň düzümi taýýar

16:4524.05.2019
0
2039


FIFA-nyň günlerinde Türkiýäniň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini we iki sany resmi duşuşyk geçirer. Milli ýygyndynyň baş tälimçisi Şenol Güneş bu duşuşyklar milli ýygynda çagyrylan futbolçylaryň adyny mälim etdi.

Türk futbolçylary 30-njy maýda Gresiýanyň, 2-nji iýunda Özbegistanyň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler. Ýewro - 2020-niň saýlama tapgyrynyň çäginde 8-nji iýunda Fransiýanyň, 11-nji iýunda Islandiýanyň ýygyndylary bilen resmi duşuşyklar geçiriler.

Baş tälimçi öňde boljak duşuşyklar üçin 38 ýaşly Emre Belezogluny hem milli ýygynda çagyrdy. Mundan başga-da, Jengiz Ünder, Ýunus Malli, Hakan Çalhanogly, Burak Ýylmaz, Jenk Tosun ýaly meşhur futbolçylar hem ýygynda çagyryldy. Milli ýygyndynyň doly düzümini şu habarymyz bilen ugurdaş suratda görüp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň