Wekilbazar etrabynyň baglarynda hasyl ýygnamak möwsümi okgunly dowam edýär

15:3324.05.2019
0
2415

Bagçylygy ösdürmek işinde Wekilbazar etrabynyň Jumadurdy Atajanow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri göreldeli zähmet çekýärler. Bu hojalygyň kärendeçileri şu ýyl öz kärende ýerlerinde dürli görnüşli miweli baglaryň bol hasylyny kemala getirdiler. Olaryň yhlas siňdirip ýetişdirýän baglarynyň hatarynda alma, injir, şetdaly, alça, ülje, üzüm, nar ýaly ýokary hasyl berýän baglaryň birnäçe görnüşleri bar. Bu baglar bilen birlikde hoz agajy hem ýetişdirilýär.

Häzirki günde tejribeli bagbanlaryň esasy işleri kemsiz bişen erik we alça ýaly baglaryň miwelerini zaýasyz ýygnap olary ter görnüşde ak bazarlarymyza elýeterli bahadan ýetirmekden ybarat bolup durýar. Erigiň we alçanyň her günde 1 tonna golaýy ýygnalyp içerki bazarlara ugradylýar. Ussat kärendeçiler miweli baglar bilen birlikde, ekin meýdanlarynda tohumlyk we azyklyk sogany ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň