Archive news

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Başlygyny, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministrini kabul etdi

23:4921.05.2019
0
1887
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Başlygyny, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministrini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary hem-de ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany hem-de ÝHHG-niň häzirki Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Durmuş-ykdysady pudakda energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ynsanperwer ulgamda hem-de beýleki birnäçe ugurlarda özara gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.

Döwlet Baştutanymyz we myhman ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň amala aşyrýan taslamalary hem-de sebitdäki möhüm meseleler barada pikir alyşmagyň barşynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek hem-de dünýä bileleşiginde ynjalyksyzlyk döredýän howplara hem-de wehimlere garşy durmak maksady bilen, taraplaryň tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge taýýardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Miroslaw Laýçek milli Liderimize Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda uzakmöhletleýin özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nazara alnyp, türkmen-slowak hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda syýasy-diplomatik gatnaşyklara ähmiýetli orun berilýär, daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli geçirilýän geňeşmeler şol gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýär.

Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Slowakiýanyň we Ýewropanyň işewür toparlarynyň türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hem-de iri düzümleýin taslamalar, dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna goşulyşmaga tarap alnan ugur —bularyň hemmesi netijeli işewür gatnaşyklaryny giňeltmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin şert döredýär.

Ulag ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup, şunda türkmen tarapy sebit we yklym ähmiýetli multimodal üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek boýunça anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Elbetde, ynsanperwer ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup, bu ugurda netijeli ylym-bilim we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar.

Döwlet Baştutanymyz we myhman BMG-niň ,ÝHHG-niň, ÝB-niň we beýleki abraýly düzümleriniň çäklerinde netijeli türkmen-slowak gatnaşyklaryny hem dowam etmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçak Türkmenistan — ÝHHG hyzmatdaşlygynyň, şeýle hem däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozd gatnaşdy.

***

Şu gün Türkmenistanyň DIM-de we Mejlisinde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary hem-de ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda dürli ugurlarda ýurdumyzyň we ÝHHG-niň arasyndaky özara gatnaşyklarda köpýyllyk oňyn tejribäniň toplanandygy bellenildi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň