Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Eýranyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysy türgenleşýär

11:2604.05.2019
0
10596

Suratda: Erkin göreş boýunça Olimpiada - 2016-nyň çempiony, eýranly türgen Hassan Ýazdani

Düýn Eýran Yslam Respublikasynyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysy 10 günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin Aşgabada geldi. Goňşy döwletiň türgenleri Olimpiýa şäherçesinde 13-nji maýa çenli türgenleşik işlerini alyp barar.

Häzirki wagtda bu ýerde Türkmenistanyň ýygyndysy hem Olimpiýa oýunlaryna we köp sanly halkara ýaryşlara taýýarlygyň çäklerinde türgenleşýär. Bilelikdäki türgenleşikler iki döwletiň tälimçilerdir türgenleri üçin tejribe alyşmagyň mekdebine öwrüler.

Turkmenportala gelip gowşan habarlara görä, Eýranyň erkin göreş boýunça Aşgabada gelen milli ýygyndysynyň düzüminde 30 adam bar. Olaryň 25-si türgenler, galanlary tälimçiler, lukmanlar we beýleki jogapkär wekillerdir.

Erkin göreş grek-rim göreşi bilen bilelikde sport göreşini emele getirýär. Eýranyň milli ýygyndysy bu görnüşler boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hem gatnaşyp, 16 medal bilen toparlaýyn birinji orna mynasyp bolupdylar. Olimpiýa oýunlarynda-da bu iki görnüş bir toparda bäsleşýär. Eýranyň milli ýygyndysy 2016-njy ýylda Braziliýada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda sport göreşi boýunça 5 medala mynasyp bolupdy. Şol sanda eýranly göreşçileri ýeke-täk altyn medalyny erkin göreş boýunça gazanypdylar. Umumylykda alanyňda bolsa, eýranly göreşçileriň Olimpiýa oýunlarynda 43 medaly bar. Şolaryň 9-sy altyn medaldyr. Şu maglumatlardan çen tutup, Eýranyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysynyň Aşgabatdaky türgenleşikleriniň biziň türgenlerimiz üçin hem oňat tejribe boljakdygyny aýdyp bileris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň