Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi

00:5201.05.2019
0
10776

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2019-njy ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçiriljek ýerine - Garagum sährasynyň jümmüşine geldi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew mejlisiň geçirilmegine görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzüminde hasabat döwründe geçirilen işler, Türkmenistanda jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy durnukly saklamak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny belledi. Eziz Watanymyzyň serhetlerini sak goraýan harby gullukçylarymyzyň hüşgärligi netijesinde türkmen halkynyň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçlerimiziň iň täze ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmegini, harby gullukçylaryň gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin şertleriň döredilmegini öňde durýan işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Milli Liderimiz ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, düzgün bozmalaryň öňüni almak, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýol-ulag hereketiniň sazlaşykly bolmagyny, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy häzirki döwürde Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleriň kanunçylygy we düzgün-tertibi üpjün etmekden ybaratdygyny aýtdy. Milli Liderimiz jenaýatçylygyň hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralarynyň her bir işgäriniň halallygyň, watansöýüjiligiň, hünär ussatlygynyň ýokary nusgasy bolmalydygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenaýatçylyga garşy göreşmekde has netijeli çemeleşmeleri ulanmagyň, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly bu ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew ministrligiň şu ýylyň dört aýynyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysynyň ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ministrligiň işini kämilleşdirmegiň şu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy ugrudygyny nygtady. Milli Liderimiz şunda goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, Milli goşunymyzyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew hasabat döwründe kazyýet işini talabalaýyk guramak hem-de edara üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň kazyýet ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Kazyýet ulgamynyň esasy wezipesi bolsa türkmenistanlylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky» Permana gol çekdi.

Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Kanunçylygyň berk berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrmak şol işiň esasy ugry bolup durýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň öz işini öňlerinde goýlan esasy wezipelerden ugur alyp guramalydygyny nygtady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunyň berk berjaý edilmegini gazanmak, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetimiziň we döwletiň bähbitlerini goramak maksady bilen degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýdyp, Baş prokurora öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň 2019-njy ýylyň dört aýynda alyp baran işi hem-de ata Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, serhet goşunlarynyň gullukçylarynyň üstüne Döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, goňşy ýurtlar bilen özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýyny saklamak boýunça jogapkärli wezipeleriň ýüklenendigini nygtady. Milli Liderimiz ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekip, gaýduwsyz Watan goragçylarynyň hünärini ýokarlandyrmagyň, olaryň netijeli gulluk etmegi hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin şertleri döretmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwrüň talabyna laýyklykda, edaranyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we ýanwar — aprel aýlarynda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem serhetden geçirilýän ýükleri içgin gözden geçirmäge mümkinçilik berýän tehnikalar bilen üpjün edilişi barada habar berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymynyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm merkezi hökmünde esasy orunlaryň birini eýeleýändigini nygtap, şunuň bilen baglylykda, gümrük edaralarynyň işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň