Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli yglan edilen döredijilik we gözellik bäsleşiginiň jemleri jemlendi

11:5128.04.2019
0
10452

Düýn Ahalteke atçylyk toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli öwüşginli dabaralar geçirildi. Bu ýerde, asylly däbe görä, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän şanly senä bagyşlanan esasy wakalaryň öň ýanynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijilerini hem-de atlary çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidentine ähli watandaşlarynyň adyndan ahalteke atlary sowgat berildi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýurduň atşynaslary hem milletiň Liderine ajaýyp atlary sowgat berdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Rowana atly atyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakyp, çapuw ýodasynda atly gezim etdi. Bu pursatlardan soň çapuw ýodasynda halypa çapyksuwarlaryň at çapyşyklary geçirildi. Onuň tamamlanmagy bilen ahalteke bedewleriniň arasynda halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Deslapky tapgyrlarda Aşgabatdan, Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlaryndan saýlanyp alnan iň oňat ahalteke bedewleriniň 10-sy syn ediş meýdançasyna çykarylýar.

Emin agzalary öz pikirlerini ara alyp maslahatlaşyp we geňeşip, halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşdyrylan atlaryň 10-synyň içinden 2019-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýen derejä mynasyp bolan atyň adyny tutdular. Şeýlelikde, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Parasat diýen dor aty boldy.

Soňra şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynda, neşir önümlerinde bedewiň keşbini çeperçilik taýdan beýan etmek ugrunda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.

Iň gowy işler ussat halyçy, bedew üçin şaý-sepler, atyň iň gowy surat we heýkel keşbi, neşir we teleradio gepleşikleri babatda taýýarlanan eserler seçilip alyndy. Bu bäsleşigiň baş maksady türkmen halkynyň durmuşynda ajaýyp we owadan bedewiň keşbini beýan etmek boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewe “Rowaç” atly haly eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Çaryýewa “At şaý-sep toplumy, gupba” eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşlyk we taslama kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Myratmergen Kulyýewe “Bedew waspy” atly nakgaş eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Çarymyrat Amanowa “Rowaçlygyň bady bilen” atly heýkel eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Hoşgeldi Atasaparowa “Behişdi bedewler toplumy” atly foto işleri üçin; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň teleoperatorlar toparynyň teleoperatory Hangeldi Şazadaýewe “Bedew” atly wideoşekilli işleri üçin baş baýraklar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň