Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanowyň geçiren pökgüsi "Lokomotiwiň" "Buharadan" üstün çykmagyna kömek etdi

22:1718.04.2019
0
4739

Surat: championat.asia

Şu gün türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow Daşkentiň "Lokomotiwiniň" myhmançylykda Buhara şäheriniň adybir toparyny 2:0 hasaby bilen ýeňmegine kömek etdi. Bu duşuşyk Özbegistanyň çempionatynyň 5-nji tapgyrynda geçirildi. Duşuşygyň netijesi barada championat.asia saýty habar berýär.

Esasy düzümde meýdana çykan ildeşimiz 15-nji minutda ozalky toparynyň derwezeçisiniň ýalňyşlyygyndan peýdalanyp, hasaby açdy. Duşuşykdaky ikinji pökgini bolsa 29-njy minutda Temurhoja Abduholikow geçirdi. Duşuşyk şu hasap bilen tamamlandy.

Geçen möwsümde "Buharada" çykyş eden Arslanmyrat Amanowyň 29 duşuşykda 5 pökgi geçirendigini ýatladýarys. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň