Soňky habarlar

Arhiw

Hakim Fuzaýlow: "Başlangyçda "Altyn asyr" toparçadan çykmaga esasy dalaşgärdi"

23:5317.04.2019
0
2140
Hakim Fuzaýlow: "Başlangyçda "Altyn asyr" toparçadan çykmaga esasy dalaşgärdi"

Täjigistanyň «Istiklol» toparynyň baş tälimçisi Hakim Fuzaýlow Türkmenistanyň «Altyn asyr» futbol topary bilen geçirilen duşuşykdan soňra žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. AFK-nyň kubogy ― 2019-yň çäginde Aşgabatda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

― Ilki bilen, oýnuň netijesine berýän bahaňyz bilen tanşaýsak!

― Erbet däl, ýaryş ýaňy başlady, heniz iki tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Garşydaş bilen mynasyp oýun geçirdik, hasaby artdyrmaga mümkinçilikler bizde-de, «Altyn asyrda-da» boldy. Göreş dowam edýär. Men ikinji tapgyrdaky oýnuň heniz başlangyçdygyna ynanýaryn. Maksadymyz bolsa indiki duşuşyklarda has az ýalňyşlyk goýberip, janköýerlerimizi begendirmek.

― Toparyňyzyň ýeňiş gazanmagyna näme bökdençlik döretdi?

― Biraz ünsümiz ýetmedi. Pökgä has ynamly erk etmek we öz derwezämizi has dürs goramagymyz gerekdi. Ýöne bu oýunda goýreben hatalarymyzy düzetmegiň üstünde işläris.

― Garşydaşyň oýny barada näme aýdyp bilersiňiz?

― Bu topar geçen ýyl AFK-nyň kubogynda finala çenli baryp ýetdi, diýmek, ol juda güýçli garşydaş. Ýaryş başlamanka, «Altyn asyr» toparçamyzda iň rüstem wekil hasaplanylýardy. Ýerlikli baha, garşydaşymyz örän güýçli, sazlaşykly oýnaýan topar.

― Ikinji ýarymda siziň toparyňyz oýnuň gidişini öz eline aldy. Pas bilen oýnamagy özüňiz sargadyňyzmy?

― Minnetdar, bu oýun uslybymyzyň siziň nazaryňyza ilip bilendigine örän şat. Biz bu usuly kämilleşdirmegiň üstünde işleýäris. Men topar bilen üç aýdan bäri işleşip gelýärin. Biz geljekde garşydaşlarymyzy öz oýun taktikamyz bilen ýeňmäge çalşarys. Bu gün garşydaşymyz oýny isleýşimizçe alyp gitmäge mümkinçilik bermedi. Onsoňam, meýdan beýle oýun taktikasy üçin biraz agyr gelýär. Orta derejedäki we gysga paslar bilen oýnamak biraz kyn düşdi, üstesine, garşydaşymyz taktikamyzy çalt ele aldy.

― Toparyň siziň isleýän oýnuňyzy orta goýmagy üçin näçe wagt gerek bolar?

― Azyndan bir ýyl gerek bolar. Iki ýyldan bolsa biz kämil topary emele getirip bileris. Ýene üç ýyldan bu taktikanyň miwelerini göreris. Ýöne bu toparyň ýolbaşçylarynyň maňa berjek wagtyna bagly bolar.     

― Yzda galan iki tapgyrdan soň, ýaryşy indiki tapgyrlarda dowam etmäge has ýakyn topar «Istiklol» diýip bolarmy?

― Ýok, hiç haçan garşydaşlarymyza pes baha bermeli däl. Şol sanda «Hujanda-da», Biz Täjigistanyň Naýbaşy kubogynda we AFK-nyň kubogynda «Hujandy» iki gezek hem 3:0 hasaby bilen ýeňdik. Ýöne «Hujandam» «Dordoýy» ýeňdi. Biziň toparçamyzda bäsdeşlik örän güýçli, ähli görreş heniz öňde. Bize-de, garşydaşlarymyza-da ýene-de öýünde we myhmançylykda iki oýundan garaşýar.

― «Altyn asyr» bilen öz meýdanyňyzda boljak duşuşyk barada hem aýdaýsaňyz?

― Oňa çenli biz ýene kän işläris, türgenleşeris. Şu gün janköýerlerem, oýunam ajaýypdy. Indiki oýnumyz bolsa «Dordoý» bilen. Bizde-de stadion tutuşlygyna dolýar, janköýerlerimiziň arasynda oýnamak bolsa has ýakymly bolar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň