Şu gün "Köpetdag" stadionynda "Altyn asyr" - "Istiklol" duşuşygy geçiriler

10:3317.04.2019
0
4600

Şu gün Aşgabatda AFK-nyň kubogynyň Merkezi zolagynyň ("D" toparça) ikinji tapgyrynyň çäginde halkara futbol duşuşygy geçiriler.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän "Altyn asyr" futbol topary Täjigistanyň çempiony "Istikloly" kabul eder. Duşuşyk paýtagtyň "Köpetdag" stadionynda geçiriler. Bu stadiona 26 müň tomaşaçy ýerleşýär. Duşuşyk 17-de başlanar. Duşuşyga katarly 26 ýaşly hünärmen Abdulla Aly Al-Marriniň ýolbaşçylygyndaky topar eminlik eder. Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň "Futbol" ýaýlymynyň bu duşuşygy göni ýaýlymda görkezmegine garaşylýar.

Ozal bu iki topar AFK-nyň kubogynyň çäginde dört gezek duşuşdylar. Şolaryň diňe biri "Altyn asyryň" ýeňşi bilen tamamlandy. Bir duşuşykda "Istiklol" ýeňiş gazansa, galan iki duşuşyk deňlikde tamamlandy.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda Hujand şäherindäki Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy stadionynda ýerli "Hujand" Gyrgyz Respublikasynyň "Dordoýyny" kabul eder.

"Altyn asyr" - "Istiklol" duşuşygyndan ozal türkmen toparlarynyň we futbolçylarynyň bu yklym ýaryşyndaky netijeleri barada gyzykly maglumatlary hem okyjylarymyz bilen paýlaşýarys:

 

  • Türkmenistanyň futbol toparlary şu wagta çenli AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda 86 duşuşyk geçirdiler, meýilnamada görkezilen 1 duşuşyk bolsa  geçirilmedi.
  • Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli: 28 duşuşykda ýeňiş gazandylar; 38 duşuşykda ýeňildiler; 20 duşuşyk deňlikde tamamlandy.
  • Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli: garşydaş derwezelere 116 pökgi geçirdiler; öz derwezesine 130 pökgi goýbertdiler.
  • Türkmenistanyň futbol toparlary bilen häzire çenli haýsy döwletleriň toparlary has köp duşuşyk geçirdi? 1) Gyrgyz Respublikasynyň toparlary bilen 16; 2) Täjigistanyň toparlary bilen 12; 3) Liwanyň toparlary bilen 11;
  • Şu wagta çenli AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşa Türkmenistandan 6 topar gatnaşdy. Olardan: «Nebitçi» 5 gezek; «Altyn asyr» 5 gezek; «Ahal» 3 gezek; «Nisa» 2 gezek; HTTU («Ýedigen») 2 gezek; «Merw» bir gezek gatnaşdy.
  • AFK-nyň kubogynda iň köp tapawutlanan türkmen futbolçylary: Altymyrat Annadurdyýew («Altyn asyr», «Ahal»), 15; Myrat Ýagşyýew («Altyn asyr»), 10; Mämmedaly Karadanow («Ahal», HTTU), 7.
  • AFk-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda iň köp pökgi geçiren toparlarymyz: «Altyn asyr» 43 (25 duşuşykda); «Ahal» 32 (22 duşuşykda); HTTU 18.
  • AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda Türkmenistanyň futbol toparlary daşary ýurt toparlary bilen näçe gezek duşuşdy? 1) Istiklol (Täjigistan), 8 gezek; 2) Alaý (Gyrgyzystan), 8 gezek; 3) Dordoý (Gyrgyzystan), 8 gezek.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň