Soňky habarlar

Arhiw

“Altyn asyr” ak köýnekçede çykyş eder

13:0002.04.2019
0
3987

Şu gün “Dordoý plaza” täjirçilik merkeziniň maslahatlar zalynda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda AFK-nyň kubogy ― 2019-yň çäginde geçiriljek “Dordoý” ― “Altyn asyr” duşuşygynyň guramaçylyk meselelerine bagyşlanan maslahat boldy.

Maslahatda meseleleriň birnäçesine seredilip, toparlaryň çykyş etjek köýnekçeleriniň reňki hem kesgitlenildi. Aýdylyşy ýaly, ýerli topar gök, “Altyn asyryň” futbolçylary bolsa ak köýnekçede çykyş eder.

Ertirki duşuşyk Gyrgyz Respublikasynyň 10 gezek çempiony bolan “Dordoýyň” Dolen Ömruzakow adyndaky stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň