Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe taýýarlyk görülýär

15:2630.03.2019
0
10532

29-njy martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow türkmen döwletiniň Baştutanyna 7-nji aprelde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan bedenterbiýe-sport hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreler baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, dürli meýdançalarda — Saglyk ýolunda, seýilgäh we sport toplumlarynda, stadionlarda we beýlekilerde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport ýaryşlary geçiriler we görkezme çykyşlary guralar. Şeýle hem sportuň milli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünliklerini görkezmelidigini, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge ýardam etmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz bu ugurda döwrebap maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilendigini, onuň täze lukmançylyk merkezleriniň, sport desgalarynyň açylmagynyň hasabyna ýyl-ýyldan pugtalandyrylýandygyny hem-de giňeldilýändigini belläp, olaryň işiniň öňdebaryjy usulyýetleriň hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrmagy boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem wise-premýere saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda özgertmeleriň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de bu ulgamlarda iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmäge aýratyn üns bermegi talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň