Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Milli futzal ligasyna badalga berildi

23:4714.03.2019
0
4704

Şu gün Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň futzal ligasynyň birinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Mälim bolşy ýaly, taryhda ilkinji gezek liga görnüşinde geçirilýän çempionatymyza 12 topar gatnaşýar. Olardan "Daýhanbank", "Senagatbank", "Migrasiýa", "MIlli goşun", "Köpetdag", "Gümrükçi", "Talyp sporty", "Serhetçi" we "Nesil" paýtagtymyza, "Deňizçi" bilen TNGIZT - Türkmenbaşy şäherine, "Ahal" topary bolsa adybir welaýata wekilçilik edýär.

Iýun aýynda tamamlanjak birinjiligiň ýeňijisi Türkmenistanyň iň gowy topary hökmünde AFK-nyň futzal boýunça Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Birinji tapgyrda "Milli goşun" bilen TNGIZT-nyň arasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem-de Aşgabadyň "Altyn asyrynyň" oýunçysy, 2018-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edilen Altymyrat Annadurdyýewiň hem iki gezek tapawutlanyp, "goşunçylaryň" ýeňşine mynasyp goşant goşandygyny nygtamak gerek.

Birinji tapgyryň netijeleri:

"Köpetdag" - "Talyp sporty" - 1:1 (Gollar: Çoluk Çolukow - Gylyç Nurlyýew).

"Daýhanbank" - "Ahal" - 2:4 (Rahman Hallyýew, Serdar Rejebow - Röwşen Daňatarow (2), Ahmet Gulçaýew, Şamuhammet Babaýew).

"Migrasiýa" - "Serhetçi" - 12:3 (Abdylla Nursähedow (3), Yslam Çörliýew (3), Danil Pançenko (3), Hojageldi Myradow, Mahmut Goçmyradow, Döwlet Hudaýberdiýew - Akmyrat Weliýew (2), Babaly Yslamow).

"Milli goşun" - TNGIZT - 4:3 (Altymyrat Annadurdyýew (2), Gurbangeldi Sähedow - Rejepmyrat Ussameredow)

"Deňizçi" - "Gümrükçi" - 6:3 (Maksat Soltanow (2), Gylyçmyrat Gylyçmyradow, Mirjafar Sadykow, Kadyrberdi Berenow, Minar Gadamow - Abdyrahman Mämmetliýew, Gurbannyýaz Atamyradow, Pirguly Orazow).

"Senagatbank" - "Nesil" - 1:2 (Ruslan Çaryýew - Öwezbaý Muhammetmyradow (2).

Birinji tapgyrdan soň iň kän tapawutlanan oýunçylar:

Abdylla Nursähedow ("Migrasiýa"), Yslam Çörliýew ("Migrasiýa"), Danil Pançenko ("Migrasiýa") - 3 gol

Röwşen Daňatarow ("Ahal"), Akmyrat Weliýew ("Serhetçi"), Altymyrat Annadurdyýew ("Milli goşun"), Maksat Soltanow ("Deňizçi") - 2 gol

Çoluk Çolukow ("Köpetdag"), Gylyç Nurlyýew ("Talyp sporty"), Rahman Hallyýew ("Daýhanbank"), Serdar Rejebow ("Daýhanbank"), Ahmet Gulçaýew ("Ahal"), Şamuhammet Babaýew ("Ahal"), Hojageldi Myradow ("Migrasiýa"), Mahmut Goçmyradow ("Migrasiýa"), Döwlet Hudaýberdiýew ("Migrasiýa"), Babaly Yslamow ("Serhetçi"), Gurbangeldi Sähedow ("Milli goşun"), Rejepmyrat Ussameredow (TNGIZT), Gylyçmyrat Gylyçmyradow ("Deňizçi"), Mirjafar Sadykow ("Deňizçi"), Kadyrberdi Berenow ("Deňizçi"), Minar Gadamow ("Deňizçi"), Abdyrahman Mämmetliýew ("Gümrükçi"), Gurbannyýaz Atamyradow ("Gümrükçi"), Pirguly Orazow ("Gümrükçi") - 1 gol.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň