Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» ― «Alaý» duşuşygynda Saud Arabystanynyly emin eminlik eder

20:5126.02.2019
0
2985

«Ahal» bilen «Alaýyň» arasynda 27-nji fewralda geçiriljek AFK-nyň kubogy ― 2019-yň saýlama tapgyrynyň jogap duşuşygynda Saud Arabystanyly halkara derejeli eminleriň topary işlär. AFK-nyň Kuala-Lumpurdaky ştab-kwartirasyndan habar berilmegine görä, duşuşygyň baş emini Mohammed Hled Al-Hoiş bolar. Oňa Fahad Awaýed Al-Umri bilen Badr Al-Şumrani kömek berer. Hindistanly hünärmen Tejas Nagwenkar bolsa duşuşygyň ätiýaçdaky emini bolar. Duşuşygyň inspektorlygy Ali Hamad Madhad Sail Al-Bedwawä (OAE), komissarlygy Mai An Hoanga (Wýetnam) ynanyldy.

Saýlama tapgyryň jogap duşuşygy 20 müň orunlyk «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriler. Duşuşyk 18:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň