Soňky habarlar

Arhiw

“Ahal” ak, “Alaý” sary köýnekçede çykyş eder

14:3426.02.2019
0
3807

26-njy fewralda “Ýyldyz” myhmanhanasynyň konferens zalynda AFK kubogynyň birinji saýlama tapgyrynyň jogap oýnunda güýç synanyşýan toparlaryň – “Ahal” bilen “Alaýyň” resmi wekilleriniň hem-de şu oýna dahylly resmi adamlaryň gatnaşmagynda oýnuň öňýanyndaky ýygnanyşyk geçirildi.

Şeýle-de, ýygnanyşygyň dowamynda ertirki oýunda toparlaryň meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi. “Ahal” topary ýer eýesi hökmünde adaty ak, “Alaý” topary bolsa sary köýnekçede çykyş eder.

Ýeri gelende aýtsak, “Ahal” AFK-nyň Kubogynyň saýlama tapgyryndaky jogap duşuşygyny gyrgyzlaryň “Alaýynyň” garşysyna geçirer. Bu toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk 20-nji fewralda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäheriniň “A.Suýumbaýew” adyndaky stadionda geçirilip, şonda “Ahal” 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başarypdy. Bu toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy “ 27-nji fewralda “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň