Soňky habarlar

Arhiw

TDI we DI-de Buharest uniwersitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

22:1725.02.2019
0
6843

25-nji fewralda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudor we şol institutyň prorektory Konstantin Marius Profiroiu bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ylym-bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Rumyn wekiliýetiniň agzalary ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Duşuşykda türkmen wekiliýetiniň 2018-nji ýylda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Rumyniýa bolan saparynyň ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn ylym, bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädime öwrülendigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Braşow şäherindäki Transilwaniýa uniwersitetiniň arasynda bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky esasy ylalaşygyň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiň arasynda bilim we ylmy-barlag hyzmatdaşlygy hakynda geçen ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnamanyň düzgünleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.

Rumyn wekiliýetiniň agzalary iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän we täze mazmun bilen üsti ýetirilýän netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän bilim ulgamyndaky maksatnamalaryň we taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Şu günki duşuşygyň jemleri boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň arasynda şu ýylyň 19-njy fewralynda döwlet Baştutanymyzyň tassyklan bilim, ylmy-barlag hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllaryň çäreleriniň meýilnamasyna gol çekildi.

Resminama laýyklykda, sanly ykdysadyýeti hem-de multimediýa, elektron serişdelerini ösdürmek boýunça ylmy-usulyýet maglumatlaryny alyşmak, bakalawrlary we magistrlary taýýarlamagy, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmek, uzak aralykdan okuwlary guramak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýakyn geljekde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny okuw sapaklaryny okatmaga çagyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bilelikdäki ylmy barlaglary alyp barmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň