Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen paralimpiadaçylary Dubaýda pauerlifting boýunça geçirilen dünýä çempionatynda iki medal gazandylar

19:0513.02.2019
0
737

Türkmen pauerlinftingçileri Sergeý Meladze bilen Maýagözel Ekäýewa halkara ýaryşlardaky üstünlikli çykyşlarynyň üstüne täze medallary goşýarlar. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 8-nji fewralda başlanan dünýä çempionatynda 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Maýagözel Ekäýewa diňe Müsürden gelen bäsdeşinden agyn gelip, kümüş medal gazandy. Ildeşimiz bu ýaryşda 106 kilogram agyrlygy götermegi başardy.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport klubynyň türgeni, halkara derejeli sport ussady Sergeý Meladze bolsa 72 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medaly eýeledi. Onuň bu ýaryşda göteren agramlygy 175 kilograma barabar boldy. Bu agram derejesinde hormat münberiniň iň ýokarky ornuna yrakly türgen Rasul Mohsin çykdy. 
Türkmenistanly pauerliftingçileriň geçen ýyldaky dünýä çempionatynda hem üstünlikli çykyş edendigini ýatlamak isleýäris. Geçen ýyl Maýagözel Ekäýewa altyn medal gazanan bolsa, Sergeý Meladze hormat münberiniň ikinji basgançagyna çenli çykypdy. Geçen ýylyň dekabrynda bolsa bu türgenleriň ikisi hem Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Amerika yklymynyň açyk çempionatynda altyn medal gazanypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň