Soňky habarlar

Arhiw

Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň DIM-niň wekili Florans Manže bilen duşuşyk geçirildi

21:4124.01.2019
0
3809

Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň kontinental Ýewropa ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy hanym Florans Manženiň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen fransuz wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda iki ýurduň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi.
Taraplar döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, söwda-ykdysady, maliýe-bank we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we dürli pudaklarda işleýän iri fransuz kompaniýalarynyň arasynda ýola goýlan netijeli işewür gatnaşyklar üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi. Netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek işinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir.
Bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlary boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Şol gatnaşyklar bolsa iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.
Mundan başga-da, syýasy geňeşmeleriň çäklerinde 2019-njy ýylyň dowamynda dürli derejelerdäki resmi saparlary hem-de beýleki bilelikdäki çäreleri guramaga degişli meselelere garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň