Soňky habarlar

Arhiw

Mämmet Orazmuhammedow Aziýa kubogy ― 2019-yň toparçalaýyn tapgyrynda howply urgulary iň kän gaýtaran derwezewanlaryň hataryna girdi

09:2520.01.2019
0
1391

«Championat.asia» saýtynyň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň derwezewany Mämmet Orazmuhammedow Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýän Aziýa kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda derwezäni howply urgulardan iň kän halas eden derwezewanlaryň sanawynda ikinji orny eýeledi. Saýtda berilýän hasaplamalara görä, milli ýygyndymyzyň bu ýaryşda geçiren duşşuyklarynyň üçüsinde-de başdan-aýaga ýaşyl meýdanda bolan derwezewan jemi 14 sany howply urgyny gaýtarmagy başardy. Onuň netijesi, toparçalaýyn tapgyryň nusgawy 11-ligine girizilen Iordaniýanyň derwezeçisi Amir Şafiniňkiden diňe bir halas ediş aşakda.

Aziýa kubogy ― 2019-da howply urgulary iň kän gaýtaran derwezewanlar:

1. Amir Şafi (Iordaniýa) ― 15 hala ediş;

2-3. Mämmet Orazmuhammedow (Türkmenistan), Maýkl Falkesgaard (Filippinler) ― 14;

4. Ignatiý Nesterow (Özbegistan) ― 12;

5. Mehdi Halil (Liwan) ― 10;

6-7. Faýz Al-Ruşeýdi (Oman), Mettýu Raýan (Awstraliýa) ― 9;

8-10. Kutman Kadirbekow (Gyrgyz Respublikasy), Siwarak Tedsungnoen (Tailand), Rami Hamada (Palestina) ― 8.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň