Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa kubogy ― 2019: Türkmenistan ― Oman duşuşygyna Milli ýygyndymyzyň üçünji duşuşygynda bahreýnli eminler topary eminlik eder

20:5516.01.2019
0
3298

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň soňky tapgyrynyň duşuşygyny Omanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer. Bu duşuşyk 17-nji ýanwarda Aşgabat wagty bilen 18:30-da Abu-Dabi şäheriniň "Mohammed bin Zayed stadium " stadionynda başlanar.
Duşuşykda Nawaf Şukrullanyň ýolbaşçylygyndaky bahreýnli eminler topary eminlik eder. Oňa ildeşleri Mohamed Salman bilen Ýaser Tulefat kömekleşerler ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty (www.tff.com.tm) habar berýär.
Bahreýnli eminiň Aziýa Kubogynyň final böleginde ikinji duşuşygyna eminlik edýändigini ýatladýarys. Onuň eminlik etmegindäki birinji duşuşygynda Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy Filippinlerden 1:0 hasabynda (“C” toparça) üstün çykypdy.
Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda bolsa garşydaşymyz Omanyň oýnuna eminlik edipdi. Şonda Iordaniýa bilen Omanyň arasynda geçirilen duşuşykda hasap açylmandy (0:0).
«F» toparçada çykyş edýän milli ýygyndymyz Aziýanyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň birinji tapgyrynda çekeleşikli geçen duşuşykda Ýaponiýanyň ýygyndysyndan 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Ikinji duşuşygynda bolsa özbek futbolçylaryndan ýeňildiler (4:0). Omanyň milli ýygyndysy-da, Aziýa Kubogynda geçiren iki duşuşygynda hem ýeňlişe sezewar boldy.
Ýeri gelende aýtsak, toparçada üçünji orun ugrunda göreşýän milli ýygyndylaryň ikisi-de 1/8 finala çykmak mümkinçiligini saklap galdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň